04/12/2022
Islendik bir dizaýna nähili başlaýaryn…
Bu Post hem öý eýelerine hem dizaýnerleri gyzyklandyrýarmyka diýýän😊
Kliýentler gelip ilki bilen “täze bir restoran ýer aldym bet edip dizaýn edip bersene” ýada “täze jaý aljak bolýaryn gaty üýtgeşik dizaýn edip bersene” diýen ýali sorag bilen başlaýarlar☺️,
Bu postymda dizaýn we dizaýn prossesimizi gysgajyk aýdyp berjek, bu hem klientler uçin hem dizaýnerler uçin peýdaly bir maglumat bolup biler.
Ilki bilen dizaýn etdirmek isleýän, dizaýnera barmazdan OZAL nähili interýerde ýaşamak isleýändigini özüne sorasa gowy bolýar. Şeýle-de restoran hem bolsa kliýentler üçin nähili atmosfera döretmek ýada kliýentleriniň özlerini nahili duymaklaryny isleýändigini anyklaşdyrsa we şol soraglara jogap taýýarlasa, dizaýn prossesini çaltlaşdyrmaga kömek edýär.
Meselem “Öýe giremde bezegli bolmagyny isleýärin”, “klassikany doly duýup bolýan bolsun”, “serýozniý we strogiý, artykmaç zat islämok, ünsiňi bölýän zatlar gerek däl” hat-da “kuhnýamyň gapaklary hen tutawaçsyz bolsun” ýa-da “plintus hem gerek däl” ýaly islegleri hem özlerine belläp dizaynerlara aýtsa işi hem aňdatlaşdyrýar hem çaltlaşdyrýar.
Şular ýaly islegler anyk bolsa, dizaýner arkaýyn konsept çykaryp bilýär we kliýendiň isleglerine görä öýüne ýada ofisdyr restoranlaryna tapawutly çözgütler we ideýalar getirip görkezýär, bu prosedura biz konsept diýýäris, we şul konsept makullanandan soňra has detalno dizaýn prosessi başlanýar: razmer, reňk, we 3D göwrümde modelirowanýa, iň soňunda dizaýnlar tassyklanandan soňra - çyzgylar.
Şutaýda bir vajyp meseläni agzap geçmegimi möhüm görýärin, eýýäm 3D modilirowaniýe stadiýasynda kliýent düýpli üýtgetme girizip bilmeýär, eger girizmek isläýen ýagdaýynda-da 2 nji gezek doly toleg etmeli bolýar.
3D modilrowaniýe stadiýasynda diňe renk, material ýa-da kiçiräk detaller ýaly, aňsat üýtgedip bolaýjak, zatlarda reviziýa edip bolýar. Emma stili üýtgetmek eýýäm gaty köp wagt alýar we dizaýner hemme zady täzeden başlamaly bolýar.